JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri we Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma onuň dogany Şeýh Ahmed bin Raşid Al Maktumyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin! Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz dileg etdi hem-de Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we onuň maşgala agzalaryna gynanjyny hem-de ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Related posts

Kadınlar Günü nedeniyle Para Hediyesi Takdimi yapılacak

vepa

Tokio-2020: Türkmenistan ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Tokio-2020: žurnalistler iň köp pissa iýýärler