JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzdaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygynyň batly depginde dowam edýän ýerine geldi. Häzirki wagtda gurluşyk işleri bellenilen tertipnama laýyklykda alnyp barylýar.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzda gurluşygy meýilleşdirilen “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary bilen hem tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow taslamalar baradaky hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda hereket edýän Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň binasynyň könelip, onuň ulanyş möhletiniň geçendigini nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu kitaphananyň täze binasyny gurmak boýunça şekil taslamalarynyň taýýarlanandygyny aýtdy we olary Milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň çäginde alnyp barylýan abatlaýyş işlerine degişli taslamalar bilen hem tanyşdy.

Wise-premýer B.Annamämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygynyň batly depginde dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda Stomatologiýa merkezi hem gurulýar. Merkeziň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy hem dowam edýär. Paýtagtymyzyň çäklerinde gurulýan binalaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Şunda Aşgabat şäheriniň iri ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisi geçirilýär

Türkmenistan-Türkiýe: bilim hyzmatdaşlygynda täze teklipler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy