DÜNÝÄ

Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasyny gurmak meýilleşdirilýär

Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän Çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasyny gurmak göz öňünde tutulýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda aýdyldy.

Wise-premýer B.Annamämmedow taslamalar baradaky hasabatynyň çäklerinde Aşgabatdaky Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň binasynyň könelendigini, onuň ulanyş möhletiniň geçendigini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, kitaphananyň täze binasyny gurmak boýunça şekil taslamalarynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we olary Gahryman Arkadagyň garamagyna hödürledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen içgin tanşyp, Bazar Amanowyň adyny göterýän döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň «Güneşli» Çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Merkezde çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerinde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe ugurlar boýunça gurnaklaryň hereket edýändigini nazara alanyňda, sanly tehnologiýalaryň we täzeçil usullaryň netijeli ulanylýan döwründe bu ýerde döwlet çagalar kitaphanasynyň gurulmagynyň ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri onuň amala aşyrylmagyna ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen bilelikde girişilmelidigine ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy