DÜNÝÄ

Saud Arabystany Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldaýar

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda, Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow bilen Saud Arabystan Patyşalygynyň ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy we howanyň üýtgemegi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we bu ugurda alynyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ugurlara aýratyn üns berildi.
Ilçi Saud Arabystan Patyşalygy tarapyndan Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldamak hem-de bilelikdäki taslamalary ösdürmek ugrundaky gyzyklanmalaryny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Related posts

BMG-niň Baş sekretary gyrgyz-täjik ylalaşygyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eswatini diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy