DÜNÝÄ

Londonda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyga hem-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrine we döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi.

Çärä Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölüminiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan we ýaşaýan türkmen raýatlary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty hem-de halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän döwrebap başlangyçlary, Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada maglumatlar hem-de foto we wideo materiallar bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Trampdan soňra Putin hem Hytaýa sapara barýar

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder