DÜNÝÄ

Kubanyçbek Ömüraliýew: türki dünýäsinde Türkmenistana möhüm orun degişlidir

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew Türkmenistanyň Prezidentine Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iberen gutlagynda guramanyň synçy agzasy bolan Türkmenistanyň türki dünýäsinde möhüm orun oýnaýandygyny belledi.

– Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga bolan ygrarlylygy, konstruktiw hyzmatdaşlygy bilen birlikde, halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolan Türkmenistanyň daşary syýasaty üçin üstünlik şamçyragydyr – diýip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew belläp geçdi.

12-nji dekabrda Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyny belläp geçdi.

Related posts

Türkmenistanly wekiller Fransiýadaky halkara seminara gatnaşdylar

Türkmenistanlı Sanatçılar Ödüllendirildi

vepa

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar