DÜNÝÄ

Polşanyň täze Premýer-ministri Donald Tusk wezipesine girişdi

Polşanyň täze Premýer-ministri Donald Tusk dabaraly ýagdaýda kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Dabara Warşawa şäherindäki prezident köşgünde geçirildi. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň täze agzalary hem kasam kabul etdiler.

Golaýda, Polşanyň parlamentiniň aşaky palatasy Donald Tuskyň ýolbaşçylygyndaky hökümete ynam bildirdi.

66 ýaşyndaky Donald Tusk Polşanyň meşhur syýasy işgärleriniň biridir. Ol 2014-2019-njy ýyllda Ýewropa Geňeşiniň başlygy boldy. Şeýle hem ol dürli ýyllarda Polşanyň senatynda işledi.

Related posts

Türkmen wekiliýeti BSG-niň Baş direktory bilen duşuşdy

Gazagystanyň Prezidentiniň döwlet saparyna

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär