DÜNÝÄ

Türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

Sanly wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň DIM-niň degişli departamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň DIM-niň Ilçisi, baş direktory Dan Ýanku ýolbaşçylyk etdi.

Işjeň maslahatlaşmalaryň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky, şol sanda bilim pudagyndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşdyldy.

Taraplar «Hazar deňzi – Gara deňzi» Halkara ulag geçelgeleri babatynda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler, çünki bu ugurda ýurtlaryň ähmiýetli mümkinçilikleri bardyr.

Ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň işjeňleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň has-da giňeldilmegi nobatdaky geňeşmeleriň derwaýys ugurlaryny düzdi.

Türkmenistan Özbegistandan 307 million dollarlyk önümler satyn alar

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ÝB-niň ilçisi bilen duşuşygy geçirildi

Iň gadymy gül tapyldy

Ata Watan Eserleri

Taryhda şu gün: 15-nji iýun