BILIM

Türkmenistanda biologiýa boýunça II halkara internet olimpiadasy geçiriler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biologiýa boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirdi.

Olimpiadanyň netijelerine görä, ýeňijileriň we baýrakly orunlary eýelänleriň 79-sy kesgitlenildi. Olardan 18-si birinji, 28 talyp ikinji, 33-si hem üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňijileriň 18-den 13-si M.Garryýew adyndaky Türkmenistan Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarydyr. Olimpiadanyň eminler toparynyň hatarynda türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary we ugurdaş hünärmenler bar.

Umuman, olimpiada Türkmenistandan we ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Polşa, Awstriýa, Rumyniýa, Kipr, BAE, Hindistan, Eýran, Türkiýe, Günorta Koreýa, Malaýziýa, Russiýa, Belarus, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan ýaly 20-den gowrak ýurtdan 400-e golaý talyp gatnaşdy.

Olimpiadanyň geçirilmegi talyplaryň biologiýany geljekde-de öwrenmäge bolan höwesini, bu dersden bilimini artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary bilim mekdepleriniň ylym hem bilim pudagyndaky özara gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam etdi.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar