BILIM

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hanoý Ylym we tehnologiýalar uniwersiteti arasynda ähtnama gol çekildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 10–12-nji oktýabry aralygynda  “Saglygy goraýyş, bilim we sport — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahatynyň geçirilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý Ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ähtnamanyň maksady ylym we bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, iki uniwersitetiň arasynda bilelikdäki maksatnamany döretmekden we özara gyzyklanma bildirilýän ýokary bilim ulgamynda çärelerde hyzmatdaşlyk etmek, kämil hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň gerimli işler alyp barmakdan ybarat bolup durýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen ynanyşmak we düşünişmek boýunça alnyp barylýan işlereniň aýdyň mysalydyr.

Bu özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar