BILIM

Türkmen raýatlary Jon Smit gaznasynyň talyp hakly maksatnamasyna gatnaşyp bilerler

Jon Smit gaznasynyň talyp hakly meýilnamasyna Türkmenistandan ýaş hünärmenler bilen bir hatarda, Gündogar Ýewropanyň, Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň wekilleri gatnaşyp bilerler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Instagram” sahypasynda habar berildi.

Bu maksatnama, Angliýanyň iň gowy uniwersitetlerinde intensiw okuwyň çäginde dolandyryş, jemgyýetçilik adalaty we kanunyň hökmürowanlygy ýaly ugurlarda bilimiňi kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şotlandiýada bir hepdelik seminar we Londonda üç hepdelik leksiýa iň ýokary derejeli bilermenler jemgyýetiniň wekilleri tarapyndan geçiriler.

Gyzyklanma bildirýänler, maksatnamanyň resmi web sahypasynda 31-nji iýula çenli ýüz tutup bilerler.

Jon Smit gaznasy 1996-njy ýylda Angliýanyň iň meşhur syýasatçylarynyň biriniň hormatyna döredildi. Jon Smit Angliýanyň iň söýgüli we abraýly döwlet işgärlerinden biridir.

Related posts

Attestat bilen soňky mümkinçilik : Ankara uniwersiteti

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanly ýaş alym «Balsaýat» sazynyň dünýä gymmatlygyna öwrülip biljekdigine ynanýar

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Leave a Comment