SIZDEN GELENLER

Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň saglygyny goramak, olaryň bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmaklary we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertleri döretmek bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan milli ylym ulgamyny ösdürmek strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat, ilkinji nobatda, ulgamyň işini kämilleşdirmek, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny wagyz etmek, olary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Jemgyýetde ylmyň ornuny berkitmek arkaly ilatyň intellektual derejesini we ylmy dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak; mekdep okuwçylaryny, talyplary ylym bilen meşgullanmaga höweslendirmek; ylmy maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek; ylmyň we tehnikanyň gazananlary barada bilimleriň dürli görnüşlerini, usullaryny ösdürmek; ýaşlary ylmy we innowasion taslama işlerine işjeň çekmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi öňde duran wezipeleri oňyn çözmäge ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, bu Strategiýa 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda işlenip düzüldi. Onuň esasy maksady ýokary hünär biliminiň hilini we derejesini ýokarlandyrmakdan, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakdan, her bir adamyň ýokary bilime elýeterliligini üpjün etmekden hem-de milli ýokary bilim ulgamynyň halkara derejedäki bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň iri bilim we ylmy merkezleri, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyga uly itergi berildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde düýpli, nazary we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşygy ep-esli işjeňleşdirildi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlyk ugurlarynyň 20-si girizilýär. Şeýle uzak möhletli döwür üçin meýilleşdirilen işler amala aşyrylýan özgertmeleriň durnuklydygyna, yzygiderlidigine we geljege gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 10-sy açylýar. Hususan-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ýaly täze hünär ugurlary peýda bolar. Bu ugurlar ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmak we standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pä­him-pa­ra­sa­ta ýug­ru­lan bi­lim öz­gert­me­le­rin­de ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan be­ýik iş­le­ri bu gün özü­niň my­na­syp be­ýa­ny­ny tap­ýar. Yl­ma-bi­li­me sar­pa goý­ýan, onuň ga­dyr-gym­ma­ty­na has oňat dü­şün­ýän mer­da­na hal­ky­my­zyň asyr­lar­bo­ýy ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bu ugur­da gör­ke­zen nus­ga­lyk edim-gy­lym­la­ry­nyň, ylym­ly, bi­lim­li bol­mak, Wa­ta­ny söý­mek gö­rel­de­si­ne eýer­ýän ýaş nes­liň ke­ma­la gel­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de kä­mil hü­när­men­ler, bi­lim­li ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni we sy­ýa­sy taý­dan ös­dür­mek ug­run­da­ky iş­le­riň yl­my esas­da al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Yl­myň we bi­li­miň ga­za­nan­la­ry­nyň halk ho­ja­ly­gy­na giň­den or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy, döw­le­ti­mi­zi in­no­wa­si­ýa­ly, se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr.

Selbinýaz Alçekowa, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4 NGPYD “B” toparynyň talyby.

Related posts

Pişikler hakynda gyzykly maglumatlar

Dil hakynda nakyllar

Ata Watan Eserleri

3-nji dekabr – Halkara maýyplar güni