JEMGYÝET

Dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlary bellige alyndy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlarynyň 6-sy Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy we olar gollary ýygnamak işlerine başladylar.

Bu barada Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň  Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow dalaşgärlige hödürlenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň  Agrar partiýasy tarapyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow dalaşgärlige hödürlenildi.

Bu dalaşgärleriň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärligi bellige alyndy we olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

 

Bekmyradow: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagy mümkin

Ata Watan Eserleri

Berdi Saryýew: Söz öwrenış sapagynyň esasy gollanmasy hökmünde makullanylmaly “Makul sözlük”

Agreement on the project of TAP energy bridge is signed between profile departments of Turkmenistan and Afghanistan

vepa