DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasyna 70 döwletiň Baştutany gatnaşýar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisine dünýäniň 70-den gowrak döwletiniň Baştutanynyň we 45  döwletiň hökümet Baştutanynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Guramanyň Baş sekretarynyň resmi wekili Stefan Dýužarrik ýurtlaryň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin otaglary öňünden sargyt etmek boýunça 1,5 müňden gowrak ýüz tutma iberendigini aýtdy.

22-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy mejlisi başlanýar. Ýokary derejeli hepdelige 130-a golaý döwlet we hökümet Baştutany hut özleri gatnaşmak üçin geler.

Umumy mejlis 22–28-nji sentýabr aralygynda dowam eder. Sessiýanyň mowzugy: «Ynamy dikeltmek, özgertmeleri dolandyrmak: hemmeleriň bähbidine işleýän BMG».

Umumy mejlisde ilkinjileriň hatarynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron çykyş eder. Olardan öň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýäniň häzirki ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş eder.

Çarşenbe güni Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý we Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian münbere çykar. Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bolsa gatnaşyjylara wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlener.

Wladimir Putin we Si Szinpin Nýu-Ýorka barmaýar. Hytaý HHR-iň Başlygynyň ýerine wise-prezidentini iberer. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi hem gatnaşmaýar.

Emeli aň ilkinji gezek Howpsuzlyk Geňeşiniň gün tertibinde

Çarşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi emeli aň meselesine bagyşlanan aýratyn mejlis geçirer. Bu mejlisde emeli aň babatdaky soňky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Baş sekretar Guterrişiň ygtyýarlyk möhleti 31-nji dekabrda tamamlanýar. Onuň oruntutaryny saýlamak işi dowam edýär.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Dubaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy

Elton Jonuň hormatyna 85 müň dollarlyk teňňe çykaryldy