DÜNÝÄ

Şa zenany üçin ýörite portret

Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan özüniň çekilen portretiniň açylyş dabarasynda onlaýn gatnaşdy.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi ýurduň diplomatiýasyna goşýan goşandyny nazarda tutup, şa zenanynyň ýörite surat portretini taýýarlady. Bu portretiň internet arkaly açylyş dabarasyna gatnaşan şa zenany degişme äheňinde suratdaky käsede näme üçin çaýyň ýokdugyny sorady.

Bu surat Miriam Eskoft tarapyndan çekildi. Ol munuň üçin şa zenany Ýelizaweta II bilen 2 gezek duşuşdy. Şol duşuşyklarda portretiň eskizlerini taýýarlan Eskofet bu duşuşyk barada şeýle diýdi: “Şa zenany gülerýüzlidi. Bu işe oňyn baha berdi. Surat çekmek işiniň haçan gutarýandygyny sorady”.

Related posts

Kobi Braýanta ýokary sylag

ALSA-nyň Administrasiýasy Bilen Tanyş Boluň: Dünýäniň Dürli Künjeginden Hukukçylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi