Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň geçirilen nobatdaky sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, sammite gatnaşmaga çakylyk, Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin dostlukly ýurduň Prezidentine aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklar we gepleşikler syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berýär.
Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkiýäniň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine Türkiýede uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
