JEMGYÝET

Türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň täze derejesi

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Italýan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikleri geçirildi.

Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary COVID-19 täze koronawirusynyň ýaýramagy bilen bagly häzirki ýagdaýlara we onuň garşy çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bar bolan tejribäni we mümkinçilikleri işjeň herekete getirmeklige taýýadyklary barada nygtaldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar şeýle hem syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik çäklerdäki öň gelnen ylalaşyklaryň  amala aşyrylyşyna seretdiler. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga bolan meýillerini ýene-de bir gezek tassykladylar. Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň ähmiýeti aýratyn  bellenip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary wagtynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gönükdirilen 37 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilipdi.

Diplomatlar şeýle-de iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň özara hereketleriniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşinde Arkadag şäherine wekilçilk eder

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri