JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça daşary işler ministri Raşid Meredow 2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi we daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahianyň hem-de beýleki resmi adamlaryň dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy zerarly geçirilen ýas çäresine gatnaşdy.

Ilçihananyň kabul edişlik zalynda Raşid Meredow ilçihanada döredilen hatyra kitabynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ýazgy galdyryp, onda aradan çykanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem tutuş Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.

Related posts

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Gün urmadan goranalyň

Ata Watan Eserleri

Sazçylyk mekdebine okuwa kabul edilşik

Ata Watan Eserleri