JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Angliýa hem finalda

Futbol boýunça Ýewropa çempionaty ahyrlap barýar. Final duşuşygynda çykyş etjek ýygyndylar belli boldy. Italiýadan soňra Angliýa hem finala çykdy.

Angliýanyň ýygyndysy Daniýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, şu çempionat boýunça Angliýanyň ýygyndysy öz derwezesinden ilkinji pökgüni girizdi. Oýnuň 30-njy minutynda Mikkel Damsgor Daniýany öňe çykardy.

Soňra 39-njy minutda Daniýanyň goragçysy Kýer öz derwezesine pökgüni gönükdirdi we hasap 1:1 deňme-deň boldy.

Duşuşygyň 90 minuty şeýle tamamlandy. Goşmaça 30 minutda Keýn 104-nji minutda bellenen 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp, Angliýany finala çykardy.

Daniýanyň duşuşygyň 30-njy minutynda geçiren goly bolsa belki Ýewropa çempionatynyň iň owadan gollarynyň biri bolar. Çempionata güýçli futbolçy Kristian Erikseniň meýdançadaky pajygaly ýagdaýy bilen şowsuz başlan Daniýanyň ýygyndysy ýarym finala çenli gelip, uly üstünligi eýeledi.

Duşuşygyň emininiň bellän 11 metrlik jerime urgusynyň hem dogry ýa-da dogry däldigi bilermenleri dürli pikirleri öňe sürmäge mejbur etdi.

FINAL: ITALIÝA – ANGLIÝA

Ýewropa çempionatynyň finaly 11-nji iýulda sagat 00:00-da Londonyň meşhur “Uembli” stadionynda oýnalar.

 

“An-26” uçar heläkçiligi üçin gynanç

 

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi