DÜNÝÄ

ALSA-nyň Administrasiýasy Bilen Tanyş Boluň: Dünýäniň Dürli Künjeginden Hukukçylar

Kaliforniýa Uniwersitetiniň Davis Hukuk fakultetiniň çäginde hereket edýän ALSA (Advanced Legal Scholars Association) bileleşigi täze administrasiýasyny halk köpçüligine tanyşdyrdy. ALSA-nyň jemgyýetçilik torunda Metbugat Koordinatory Nezaket Agirman tarapyndan paýlaşylan maglumatlarda görkezilişi ýaly, täze administrasiýa dünýäniň dürli künjeginden gelen müdiriýet geňeşiniň agzalaryny özünde jemleýär.

Prezidentiň orunbasary Ruthlynn Ochengo Afrika kontinentine wekilçilik edýän bolsa, Baş sekretar Elay Soltanahmadi, Kültür Koordinatory Saha Pirzadeh we Network Koordinatory Noura AlObaid Orta Gündogar ýurtlaryna wekilçilik edýärler. Metbugat Koordinatory Nezaket Agirman we Çäreler Koordinatory Sedat Aydin bolsa Ýewropa kontinentine wekiliçilik edýärler. Halk bilen Gatnaşyklar Koordinatory Lidia Irias Amerika kontinentinden, Talyplar boýunça Koordinatory Chloe Xiang bolsa Aziýa ýurtlaryna wekilçilik edýärler.

ALSA-nyň Türkmenistanly Prezidenti Dr. Döwran Orazgylyjow çykyşynda şeýle belledi: “Biziň administrasiýamyz dünýäniň dürli künjeginden gelen müdiriýet geňeşiniň agzalaryny özünde jemlemek bilen, dürli medeniýetlerde ýetişen hukukçylaryň bilelikdäki hereketiniň oňyn mysalyny görkezýär.” Prezident Dr. Orazgylyjowyň aýdyşy ýaly, “Biziň administrasiýamyz ýylyň ahyryna çenli hereket etmek hukugy bolsa-da, biz bu wezipäni diňe bir döwür üçin alyp gitmek isleýäris we semestriň ahyrynda ALSA-nyň konstitutsiýasyna laýyklykda täze administrasiýany saýlamak üçin saýlawlary geçirmek meýilleşdirýäris.” Ol sözlerini şeýle jemledi: “ALSA-nyň ýolbaşçysy bolmak ýaly hormatly we jogapkärçilikli wezipäni geljekde saýlaw arkaly saýlanjak täze administrasiýa tabşyrmak meniň üçin uly mertebedir.”

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi

Aşgabatda Türk aşhanasynyň hepdeligi bellenildi

Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň birinji parlamentara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär

Günorta Koreýanyň intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýanyň ilçileri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi şagyzy Takamado bilen duşuşdy