SPORT

Klopp – ýylyň tälimçisi

“Liwerpulyň” baş tälimçisi Ýurgen Klopp Angliýanyň “Premýer ligasynyň” tälimçiler birleşigi (LMA) tarapyndan ýylyň tälimçisi diýlip saýlandy.

53 ýaşly nemes hünärmeni “Mançester Ýunaýtediň” ozalky meşhur tälimçisi Aleks Fergyusonyň adyny göterýän baýragy aldy. 2019/20 möwsüminiň ahyrynda “Liwerpul” Angliýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna ýedi tapgyr galanda çempionlygyny yglan etdi.

Klopp “Liwerpul” toparyna 30 ýyl soňra “Premýer-liganyň” altyn medalyny gazandyran ilkinji tälimçi boldy.

Related posts

Türkmen türgeni Gran-priniň ýeňijisi boldy

Sane Germaniýa dolanýar

Tokio-2020: Eýranly türgen altyn medal gazandy