SPORT

«7/24» birinji ýarymyň nusgalyk düzümini düzdi

Futbol çempionatlarynda bir tapgyryň, aýlawyň, birinji ýarymyň ýa-da tutuş möwsümiň nusgalyk düzümini düzmek dünýäde öňden bäri ulanylyp gelinýän tejribe. Bu tejribä eýerip, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24» elektron neşiriniň žurnalistleri ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ýakynda tamamlanan birinji ýarymy boýunça nusgalyk düzümi paýlaşdylar. Ýöne bu düzümiň diňe neşiriň žurnalistleriniň pikiridigini aýratyn aýtmak gerek.

Her hepdäniň duşenbe güni Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýtynyň (metbugat.gov.tm) üsti bilen elektron görnüşde okyjylara ýetirilýän  24 sahypadan ybarat neşiriň 6-njy iýuldaky sanynda berlen maglumatlara görä, nusgalyk düzüm 2-4-4-1 görnüşdedir.

Neşir hüjümde «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew bilen «Şagadamyň» tejribeli kapitany Hemra Amanmämmedowy goýdy. Şu ýyl garşylanyndan hem gowy möwsüm geçirip, netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orunda barýan «Ahalyň» futbolçysy Elman Tagaýew hüjüme ýakyn ýarym goragçynyň ornunda goýuldy.

Neşir ýarym goragyň iki tarapyny «Şagadamdan» Yhlas Magtymow bilen «Altyn asyryň» ýaş ýarym goragçysy Resul Hojaýewe ynanypdyr. Goraga ýakyn ýarym goragçy bolsa «Ahaldan» Amir Gurbany.

Goragyň dörtlügi «Şagadamdan» Bagtyýar Hojaahmedowa, «Altyn asyrdan» Mekan Saparowa, «Köpetdagdan» Serdarmyrat Baýramowa hem-de «Ahaldan» Güýçmyrat Annagulyýewe ynanylypdyr. Neşir derwezede «Ahaldan» Batyr Babaýewi goýdy.

Çempionatyň birinji ýarymynda baş tälimçiler bu düzümden diňe üç futbolçyny 14 duşuşykda hem oýnatdylar. Galan oýunçylar bolsa şikes, kartlar ýa-da başga sebäp bilen birinji ýarymdaky ähli duşuşyklara gatnaşyp bilmediler.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar