SPORT

Italiýa dünýä rekordyny gaýtalady

Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bassyr 35 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Şeýlelikde, Italiýanyň ýygyndysy Ispaniýanyň hem-de Braziliýanyň bu ugurdaky rekordyny gaýtalady.
Italiýanyň ýygyndysy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynda Bolgariýanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.
Roberto Mançiniň ýolbaşçylygynda Ýewropanyň çempiony bolan Italiýanyň ýygyndysy ýeňilmezek duşuşyklarynyň sanyny 35-ä ýetirdi. Mundan ozal, 1935-1939-njy ýyllarda Wittorio Posso ýolbaşçylygyndaky Italiýanyň ýygyndysy 30 duşuşykda ýeňilmändi.
Dünýä rekordyny gaýtalan Italiýanyň ýygyndysy uly üstünligiň eýesi boldy. Mundan ozal, 2007-2009-njy ýyllarda Ispaniýanyň ýygyndysy we 1993-1996-njy ýyllarda Braziliýanyň ýygyndysy 35 duşuşykda ýeňilmändi.
2018-nji ýylyň maýynda Italiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellenen Roberto Mançininiň ýolbaşçylygyndaky Italiýanyň ýygyndysy ýene-de bir duşuşykda ýeňilmedik halatynda dünýä rekordyny öz adyna geçirer.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/ronaldo-ozalky-7-belgili-koynekcesine-dolanyp-geldi/

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy