SPORT

Brawo täze toparda çykyş eder

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň derwezebany Klaudio Brawo bu toparda çykyş etmegini bes etdi. Toparyň resmi web sahypasynda 37 ýaşly çilili derwezeban bilen hoşlaşylandygy hem-de oňa geljekdäki karýerasynda üstünlik arzuw edilendigi mälim edildi.

Klaudio Brawo 2017-nji ýyldan bäri “Mançester Siti” toparynda çykyş edip gelýärdi. Jemi 61 duşuşykda toparyň derwezesini gorady. Brawo Çiliniň milli ýygyndysynyň düzüminde 123 gezek meýdança çykdy. Käbir maglumatlara görä derwezenan “Real Betis” toparyna geçip biler.

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri