SPORT

Ýewropa ligasynda “Möwsümiň oýunçysy” adyna mynasyp boldy

“Inter” toparynyň oýunçysy Romelu Lukaku 2019-2020-nji ýyl möwsüminde UEFA Ýewropa ligasynda oýunçylaryň sanawynda ilkinji orunda durup, “Möwsümiň oýunçysy” adyna mynasyp boldy.

“Möwsümiň oýunçysyny” saýlaýan emin agzalar, geçen möwsümiň toparçasyndaky 48 toparyň tälimçilerinden, Ýewropa Sport Media topary tarapyndan saýlanan 55 žurnalistden, her UEFA agza birleşiginden ybaratdyr. “Inter” toparynyň oýunçysy Lukaku 270 utuk bilen bäsdeşlerinden tapawutlanyp, ýeňiş gazanmagy başardy.

2019-2020-nji ýyl möwsümiň UEFA Ýewropa ligasynyň iň gowy 10 oýunçylarynyň sanawy:

1 Romelu Lukaku (Inter) – 270 utuk
2 Bruno Fernandes (Sporting / Mançester Ýunaýted) – 128 utuk
3 Ewer Banega (Sewilýa) – 118 utuk
4 Luuk de Ýong (Sewilýa) – 64 utuk
5 Hesus Nawas (Sewilýa) – 59 utuk
6 Lukas Okampos (Sewilýa) – 39 utuk
7 Kaý Hawers (Lewerkuzen) – 17 utuk
8 Diego Karlos (Sewilýa) – 9 utuk
9 Adama Traore (Wolki) – 8 utuk
10 Jýul Kunde (Sewilýa) – 7 utuk

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

 

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy