Pakistanyň Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowyň duşuşygy boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn sport hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Pakistanyň ilçisi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, 2026-njy ýylyň Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin ýörite öndürilen «Trionda» resmi futbol pökgilerini türkmen tarapyna gowşurdy. Bu sowgat sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlenmeginiň we dünýä çempionatynyň geçirilýän döwründe agzybirligiň nyşany boldy.
Hanym Farýal Legari milli futbolyň ösmegine goşan goşandyna çuňňur hormat goýmagyň nyşany hökmünde hünärmenler tapgyryna degişli şeýle topuň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Guwançmuhammet Öwekowa hem gowşurylandygyny habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň türgenleriniň arasynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny guramaga özara gyzyklanma bildirip, şeýle başlangyçlaryň iki doganlyk halkyň arasynda sport gatnaşyklaryny berkitmäge we tejribe alyşmaga ýardam etjekdigini nygtadylar.
