DÜNÝÄ

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Katar Döwletiniň Emiriniň kakasy Şeýh Hamad bin Halifa Al Taniniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirmek üçin bu ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy.

Ilçihanyň binasynda ony Kataryň Türkmenistandaky ilçisi Naser bin Ahmed Al-Taher kabul etdi. Diplomatik wekilhanada gynanç kitaby açylyp, oňa Türkmenistanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatik korpusyň işgärleri öz duýgudaşlyk sözlerini beýan etdiler.

Şeýle-de, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri we ýurtda ýaşaýan arap jemgyýetiniň agzalary hem gynanç bildirdiler.

Related posts

28 ýyl mundan ozal Ýewropa Bileleşigi döredildi

“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy”: analitiki merkezleriniň forumy dörediler

Günorta Koreýa Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi