DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew arassa ganly ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy diýip, “Kazinform” agentligi habar berýär. Ýakynda ahalteke bedewleriniň sany artdy.

Golaýda, Döwlet baştutany Kasym-Žomart Tokaew Prezidentiň Iş dolandyryş müdiriýetiniň atçylyk zawodyna baryp, özüne dürli ýyllarda sowgat berlen atlaryň saklanyş şertleri bilen tanyş boldy.

Gazak Lideri täze dünýä inen taýçanaklara at dakdy. Olaryň birine Akniýet, beýlekisine bolsa Borte diýlip at dakyldy.

Döwlet Baştutany: “Är ýetiler, baş bolar, taý ýetiler, at bolar” diýen halk pähmini mysal getirip, taýçanaklaryň güýçli we ýüwrik bolup ýetişmegini arzuw etdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Ýaponiýa sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi