SPORT

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Kabo-Werdeniň futbol boýunça milli ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýanyň Instagramdaky yzarlaýjylarynyň sany Ispaniýanyň topary bilen bolan duşuşykdan 12 sagat geçenden soň 5,5 milliona ýetdi.

Kabo-Werde we Ispaniýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. Garaşylmadyk netije bilen tamamlanan duşuşykda derwezeçi Wozinýa derwezä gönükdirilen, belki 100 göterim gol bolup biljek 7 sany urguny yza gaýtarmagy başardy.

Ispaniýanyň we Kabo-Werdeniň milli ýygyndylary “H” toparynda çykyş edýärler. Iki topar hem bir utuk gazandy. Şeýle-de, bu dörtlükde Urugwaýyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylary bar, olaryň duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlandy.

Ikinji tapgyrda ispanlar 21-nji iýunda Saud Arabystanynyň topary bilen oýnarlar, Kabo-Werdeniň ýygyndysy bolsa urugwaýlylar bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri