SPORT

Feliks “Milanda” kärendesinde oýnar

Angliýanyň “Çels” topary satyn alan portugal hüjümçisi Žuan Feliksi Italiýanyň “Milan” toparyna kärendesine berdi. Futbolçy “Seria A” çempionatynda şu möwsümiň ahyryna çenli kärendesine oýnar.

Iňlis topary soňky döwürde bu futbolçynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmady. 25 ýaşyndaky futbolçy şu möwsümde topar bilen 20 duşuşykda oýnady.

Şu möwsümiň gyşky transfer döwründe italýan topary düzümini has-da güýlendirdi. Topar Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň tejribeli ýarymgoragçysy Kaýl Uolkeri hem düzümine goşupdy.

Şeýle hem italýan topary meksikaly hüjümçi Santýago Himenes bilen hem şertnama baglaşdy. Bu futbolçy “7” belgili köýnekçede çykyş eder. Bu köýnekçede italýan toparynyň meşhur ukrain hüjümçisi Andreý Şewçenko 1999-2006-njy ýyllarynda çykyş edipdi.

 

Related posts

“Altyn Asyr” topary Aşgabat şäheriniň Kubogyny gazandy

Bill Geýtsiň Tokio oýunlary baradaky pikiri

Ronaldonyň gözýaşlary: “Al-Nasr” kuboksyz galdy

Ata Watan Eserleri