SPORT

Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy CAFA-nyň çempionatyna gatnaşar

Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary 9-16-njy fewral aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşar.

Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) guramagynda geçiriljek futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionata Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan başga Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň hem-de Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary gatnaşarlar.

Zenanlar ýygyndymyzyň tälimçiler düzüminiň saýlama tapgyrynda çykyş etmek üçin oýunçylaryň 14-sini, şol sanda 2 derwezeçini çagyrandyklaryny bellemek gerek. Milli ýygyndymyzyň hataryna çagyrylan oýunçylaryň ikisiniň daşary ýurt toparlarynda çykyş edýändigini bellemek gerek. Maýa Musaskaýa Litwanyň “Žalgiris” toparynda, Läle Haýypowa bolsa Türkiýäniň “Istanbul Bilgi Universitetiniň” toparynda çykyş edýär.

CAFA Zenanlar Futzal Çempionaty-2025 halkara ýaryşynyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeňiji bir aýlaw görnüşinde geçiriljek duşuşyklaryň esasynda kesgitlener.

Ýurdumyzyň milli ýygyndy topary ilkinji duşuşygyny 9-njy fewralda Gyrgyzystanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň oýunlarynyň tertibi:

09.02.2025 ý.

14:00 Türkmenistan – Gyrgyzystan
10.02.2025 ý.

16:00 Türkmenistan – Özbegistan
12.02.2025 ý.

19:00 Täjigistan – Türkmenistan
14.02.2025 ý.

16:00 Eýran – Türkmenistan

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy