SPORT

“Taňrynyň eli” ady bilen meşhur bolan pökgi 3,35 million dollara satyldy

1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň 1/4 finalynda Argentina bilen Angliýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen (2:1) duşuşykda Diego Maradonanyň meşhur “Taňrynyň eli” goluny geçiren futbol pökgüsi auksionda 3,35 million dollara satyldy. Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berýär.

Bu taryhy gymmatlygyň başlangyç bahasy 2,5 million dollar bolupdyr. Maradona hut şu pökgini eli bilen tora geçirip, ol jedelli gol  hökmünde taryha giripdi.

Auksionyň deslapky bahasy 10 million dollara çenli diýlip çaklanypdy, emma satuw bahasy rekord derejä ýetmedi. Maradonanyň şol duşuşykda geýen futbolkasy 2022-nji ýylda 9,3 million dollara satylypdy.

Related posts

Zidan Fransiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy

“Ahal” (Türkmenistan) – “Pahtakor” (Özbegistan): 1:1

Ata Watan Eserleri

Oweçkin taryhy rekordyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri