Türkiýäniň «Galatasaray» futbol kluby Moskwanyň «Lokomotiw» toparynyň ýarymgoraýjysy Alekseý Batrakowy öz hataryna goşmak üçin gepleşikleriň başlanandygyny yglan etdi.
Degişli maglumat klubyň saýtynda peýda boldy.
Öz gezeginde «Lokomotiwiň» metbugat gullugy 21 ýaşly oýunçynyň «Galatasaray» üçin lukmançylyk barlagyndan geçmek we şahsy şertnama boýunça gepleşikleri jemlemek maksady bilen Stambula barandygyny habar berdi.
Batrakow — «Lokomotiwiň» düzüminde ýetişen ýaş we tejribeli futbolçylaryň biridir. Ol klubyň esasy düzüminde 2024-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Şeýle hem ol Russiýanyň milli ýygyndysynda oýnaýar.
