SPORT

“Altyn Asyr” ilkinji ýeňşini gazandy

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy-2021-iň toparçalaýyn bäsleşigindäki ikinji duşuşygynda Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” toparyny 5:4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada “tff.com.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Duşuşykdaky birinji top oýnuň 2-nji minutynda geçirilip, ony “Alaý” toparynyň oýunçysy O.Abdugafarow öz derwezesinden geçirdi. Mundan başga, “Altyn Asyryň” düzüminde Altymyrat Annadurdyýew (41, 90+3, ikisi-de 11 metrlik jerime urgusyndan), Wezirgeldi Ylýasow (44) hem-de Mihail Titow (48) tapawutlanmagy başardylar.

Gazanan bu ýeňşinden soň 4 utuk toplan “Altyn Asyr” topary “F” toparçada birinji basgançagy eýeleýär. Geçiren iki duşuşygynda hem ýeňlen “Alaý” soňky orunda barýar. Bu toparçanyň beýleki wekilleri “Nasaf” 3, “Hujand” topary bolsa 1 utukdan toplamagy başardylar.

Ahmet Ataýew: «Ýeňiş gazanyp Türkmenistan halkyny begendirmegi arzuw edýäris»

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar