DÜNÝÄ

Türkmenistan-Gyrgyzystan:nebitgaz pudagyndaky taslamalar maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Energetika we senagat, dokma önümçiligi, azyk söwdasy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi. Taraplar nebitgaz pudagyndaky taslamalaryň geljegi bilen bagly pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn özara hereketleriň anyk meselelerini çözmäge gönükdirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Ministrler şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Ylym we bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda gyzyklanmalar beýan edildi.

Şeýle-de şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýewiň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.

 

Gündelik Täleýnama: 18 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy

Tramp Hytaýa döwlet sapary bilen bardy

Baku şäherinde “Howanyň üýtgemegi boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi” atly maslahat geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

Täjigistan bilen Hytaý ebedi dostluk şertnamasyna gol çekdi

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy