DÜNÝÄ

Türkmenistan Katardaky Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammitine gatnaşýar

Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2025-nji ýylyň 4 – 6-njy noýabry aralygynda dowam etjek Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti öz işine başlady.

Birleşen Milletler Guramasynyň bu sammitine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, bölümçelerde garyplygyň öňüni almak we jemgyýetde ähli adamlaryň deň hukukly gatnaşygyny üpjün etmek, adam hukuklaryny pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, sosial adalaty ösdürmek, her bir adama laýyk iş üpjünçiligi we jemgyýetçilik goragy, demografik, tehnologiýa we ekologik üýtgeşmeleriň jemgyýete edýän täsiri, halkara hyzmatdaşlygy, hususy pudak we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikdäki işleri kämilleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy