DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Irakli Natroşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň birnäçe ugurda işjeň ösýändigini bellediler. Ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň birek-birege saparlary, bilelikde geçirilýän konferensiýalar, seminarlar we forumlar bilim pudagynyň yzygiderli we netijeli ösýändigine şaýatlyk edýär.

Taraplar M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda öň gol çekilen akademiki we ylmy ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem giňelmegine we işjeňleşmegine ýardam bolandygyny aýratyn bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar has netijeli hyzmatdaşlyga we iki ýurduň arasyndaky ylmy we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjak bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär