SPORT

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III, Angliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we “Mançester Ýunaýted” toparynyň öňki ýarymgoragçysy Dewid Bekheme rysarlyk derejesini berdi. “BBC” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, dabara Windzor köşgünde geçirildi.

Bekhem: “Men häzirki wagtda duýýan buýsanjymdan has ulusyny duýup biljek däl. Men öz ýurdumy söýýärin” diýip, rysarlyk derejesine ýetmeginiň özünde galdyran täsirlerini şeýle beýan etdi.

50 ýaşly Bekheme rysarlyk adynyň berlendigi barada 13-nji iýunda, Patyşa Karl III-iň resmi doglan güni mynasybetli Beýik Britaniýanyň hökümetiniň web sahypasynda döwlet sylaglarynyň laureatlarynyň sanawy çap edilende mälim boldy.

Ozalky futbolçy sport we haýyr-sahawat ugrundaky hyzmatlary üçin rysarlyk adyna we hormatly “ser” adyna eýe boldy.

Related posts

Ronaldonyň gözýaşlary: “Al-Nasr” kuboksyz galdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

“La Ligada” aýyň iň gowy oýunçysy