JEMGYÝET

Merkezi Aziýa + ABŞ: ýubileý sammit geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa + ABŞ» sammitine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen gitdi.

Ýatlap geçsek, döwlet Baştutanlary derejesindäki ilkinji sammit 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilipdi. Oňa ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri gatnaşdylar. Bu Merkezi Aziýa – ABŞ formatynyň çäklerindäki şeýle derejedäki ilkinji duşuşyk boldy.

Nobatdaky sammit bolsa 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşingtonda geçiriljek ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar. Ol Merkezi Aziýa – ABŞ formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanar we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda geçer.

«Merkezi Aziýa – ABŞ» hyzmatdaşlyk formaty 2015-nji ýylda işläp başlady. Şondan bäri geçen döwürde ministrleriň yzygiderli duşuşyklary we dürli ugurlar boýunça iş toparlarynyň mejlisleri geçirildi.

Daşary işler ministrleri derejesindäki ilkinji sammit 2015-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda BMG Baş Assambleýasynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçirilipdi. Duşuşyga ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri we Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň daşary işler ministrleri gatnaşdy.

2022-nji ýylda Merkezi Aziýa – ABŞ formatynyň işini utgaşdyrmak üçin Sekretariat döredildi. Esasy ara alyp maslahatlaşyş temalary howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, ulag, howanyň üýtgemegi bilen bagly ýaramaz täsirleri azaltmak, şeýle hem beýleki meseleler bilen bagly boldy.

  • Howpsuzlyk: terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreş, Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak.
  • Ykdysadyýet we maýa goýumlar: söwda geçelgelerini ösdürmek, esasy pudaklara (peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar, energetika, oba hojalygy) amerikan maýa goýumlaryny çekmek. 2023-nji ýylda göni işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin B5+1 işewür platformasy ýola goýuldy.
  • Energetika we ulag: Bu ugurda dürli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, «ýaşyl» energetikany ösdürmäge üns berilýär.
  • Howa we ekologiýa: howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk.

Ýene-de okaň

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar