SPORT

“Liwerpul” çempionlyk kubogyny aldy

30 ýyldan soňra çempion bolmagy başaran Angliýanyň “Liwerpul” toparyna çempionlyk kubogy resmi taýdan gowşuryldy. Çempionatyň 37-nji tapgyrynda “Liwerpul” öz meşhur “Enfild” meýdançasynda “Çelsi” toparyny kabul etdi. Bu duşuşyk çempion toparyň 5:3 hasabynda uly ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, duşuşykdan soňra toparyň tälimçisi Ýurgen Kloppa hem-de futbolçylara altyn medallary hem-de çempionlyk kubogy gowşuryldy.

Iň soňky gezek 1990-njy ýylda çempion bolan “Liwerpul” topary bu gezekki baýrak gowşurylyş dabarasynda 30 ýyl mundan ozal topary çempion edne tälimçi Kenni Dalgliş hem gatnaşdy.

Stadionyň köçesini “Liwerpul” toparynyň futbol janköýerleri bilen doldy. Olar toparyň bu çempionlyk kubogyny gazanmagyny gutlap, dürli çäreleri gurnadylar. Bu dabara gatnaşan Kenni Dalgliş toparyň çempionlyk kubogyny gowşurdy.

Çempionlyk kubogynyň dabarasyndan pursatlar…

 

Ýene-de okaň

Robert Lewandowskiniň «Kamp Nou» stadionynda «Barselona» bilen hoşlaşygy

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy

“Zenit” topary 11-nji gezek Russiýanyň çempiony boldy

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy