SPORT

Bekhemiň maşgalasyna gelin gelýär

Dünýä belli iňlis futbolçy Dewid Bekhem we onuň aýaly Wiktoriýanyň maşgalasyna ýakyn wagtdan gelin geler. Bu barada “NTV” habar beriş gullugynyň habar bermegine görä, Bekhemiň 21 ýaşly ogly Bruklin Bekhem amerikan aktrisa Nikola Enn bilen nikalaşmak üçin ilkinji ädimini ätdi. Jübütler jemgyýetçilik torlaryndaky hasaplarynda bu şatlykly habary paýlaşdylar. Meşhurlaryň durmuşyndaky bu şatlykly habar dünýäniň dürli künjegine baryp ýetdi.

Nikola Enn bilen durmuş gurmagy maksat edinýän Bruklin indi täze mesgen tutmak ýagny jaý gurmak kararyna gelendigini, indi täze maşgala gurmagyň wagty bolandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi