SPORT

“Altyn Asyr” toparynyň resmi web-saýty işe girizildi

Ýurdumyzyň 8 gezek çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” futbol klubunyň resmi web saýty işe girizildi – www.altynasyrfk.com. Täze açylan saýtda paýtagtymyzyň toparynyň saldamly geçen futbol ýoly giňişligi bilen beýan edilýär. Onuň baş sahypasynda toparyň gazanan ýeňişleri taryhy suratlarda öz beýanyny tapýar.

Ýaryşlar bölüminde toparyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri barada jikme-jikligi bilen gürrüň edilýär. Umuman, toparyň hünärmenleriniň tagallasy bilen işe girizilen saýtda “Altyn Asyr” topary bilen bagly gyzykly maglumatlar, şeýle-de, oýunçylardan başlap, toparyň ýolbaşçylar düzümi bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilipdir.

“Altyn Asyr” toparynyň Türkmenistanyň futbol klublarynyň arasynda ilkinji bolup resmi web saýty işe girizendigini bellemek gerek.

Ýene-de okaň

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi