JEMGYÝET

Harby ýolbaşçylara general-maýor harby atlary dakyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Serhet institutynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy  polkownik Ýazgeldi Nuryýewe general-maýor harby ady dakyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy polkownik Maksat Hudaýgulyýewe general-maýor harby ady dakyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy podpolkownik Amanmuhammet Sazakowa polkownik harby ady dakyldy.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler ministri polisiýanyň polkownigi Muhammet Hydyrowa polisiýanyň general-maýory diýen ýörite ady dakyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň adalat ministri ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Taganowa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesi berildi.

Related posts

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy

Ata Watan Eserleri

Ar­sen Şahuns:«Türk­me­nis­tan he­mi­şe ýü­re­gim­de ýa­şa­ýar»

Ata Watan Eserleri