JEMGYÝET

Kir ýuwujy maşyndan ýokary tizlikli welosiped ýasady

Bir telekeçi inžener boş wagtlarynda kir ýuwujy maşynyň böleklerini ulanyp, elektrikli welosiped döretmegi başardy. Welosipediň sagatda 110 kilometre ýetip biljekdigi mälim edildi.

“Spin Cycle” taslamasynyň çäklerinde elektrikli welosiped öndürildi. Adyny mälim etmedik höwesjeň inžener tarapyndan ýasalan bu welosipedde kir ýuwujy maşynyň 1100 wattlyk klapan motoryny ulandy.

Welosipediň özi adatça ulanylýan welosipedleriň biridir. Kir ýuwujy maşynyň käbir enjamlary dakylyp, ol ýokary tizlikli welosipede öwrüldi.

“Spin Cycle” taslamasy entek tamamlanmady, onuň üstünde işlenilýär. Bu taslamanyň çäklerinde hereketlendirijisi güýçlendirilip, welosipediň tizligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Related posts

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň taslamalary hödürlendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Gyrgyzystana ynsanperwer kömegini iberdi