SPORT

Türkmenistan Eýranyň ýygyndysy bilen geçirjek duşuşygyna taýýarlanýar

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň milli ýygyndysynyň garşysyna boljak möhüm oýunlaryndan öň BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçiler düzümi wajyp oýnuň öňüsyrasynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de resmi oýna gatnaşmak üçin futbolçylaryň 24-sini mälim etdiler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň ýygyndy topary bilen duşuşyklaryň ikisini geçirerler. Birinji duşuşyk 21-nji martda Tähranda, ikinjisi bolsa 26-njy martda Aşgabatda geçiriler.

 

Ýygyndy topar 24 futbolçyny özünde jemleýär:

Derwezebanlar:

Rasul Çaryýew («Arkadag» futbol kluby), Rüstem Ahallyýew («Ahal»), Batyr Babaýew («Altyn Asyr»).

Goragçylar:

Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow (üçüsi-de «Arkadag» futbol klubundan), Ata Geldiýew, Hakmuhammet Bäşimow (ikisi-de «Ahal» toparyndan), Wepa Jumaýew («Witebsk», Belarus Respublikasy), Röwşen Halmämmedow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de «Altyn Asyr» toparyndan).

Ýarymgoragçylar: 

Arslanmyrat Amanow, Mirza Beknazarow, Şanazar Tirkişow (üçüsi-de «Arkadag» toparyndan), Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyz Respublikasy), Selim Nurmyradow («Altyn Asyr»), Döwran Hojamämmedow, Ýazgylyç Gurbanow, Meýlis Diniýew (üçüsi-de «Ahal» toparyndan), Ruslan Mingazow («Kitçi», Gonkong).

Hüjümçiler:

Didar Durdyýew, Begmyrat Baýow, Altymyrat Annadurdyýew (üçüsi-de «Arkadag» futbol klubundan), Alibek Abdyrahmanow («Ahal» toparyndan).

Tälimçiler düzümi: Mergen Orazow (baş tälimçi), Mekan Muhammetmyradow, Welsähet Öwezow, Pawel Matus, Ildar Täşliýew.

 

Related posts

Mbappe kompýuter oýnunyň ýyldyzy

Aşgabatda Dewisiň Kubogy boýunça halkara tennis ýaryşy geçiriler

Super ligany döredijilere jerime salnar