Beýik Britaniýanyň wekili, 11 ýaşly Bodhana Siwanandan halkara küşt ussady diýen ada eýe bolan iň ýaş küştçi boldy. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berýär.
Siwanandan 1988-nji ýylda 12 ýaşynda şeýle ada eýe bolan wenger küştçisi Ýudit Polgaryň rekordyny täzeledi. Halkara ussady bolmak üçin Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) reýtinginde 2 400 utuk gazanmak zerur.
Siwanandan açyk kategoriýada halkara ussady diýen ada eýe bolan iň ýaş 7 küştçiniň hataryna girdi. Bu ugurdaky rekord Russiýanyň wekili Roman Şogžiýewe degişlidir. Ol 2025-nji ýylda 10 ýaş 3 aý 21 günlük wagtynda şeýle netijäni gazandy.
Sentýabryň ahyrynda Samarkantda geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasyndan soň Siwanandan zenanlar arasynda iň ýaş grossmeýster boldy. Şondan öň bu rekord, ozal Ukrainanyň adyndan çykyş eden, 2014-nji ýyldan bäri bolsa Russiýa wekilçilik edýän Ýekaterina Lagno degişlidi. Ol bu ada 2002-nji ýylda, 12 ýaş 4 aýlyk wagtynda eýe bolupdy.
Şeýle hem Siwanandan Beýik Britaniýanyň zenanlar arasynda iň ýaş küşt çempiony bolmagy başarypdy. Şeýlelikde, ol 1939-njy ýylda 13 ýaşynda çempion bolan Eleýn Pritçardyň rekordyny hem täzeledi.
