ABŞ-da DV-2027 Green Card lotereýasynyň başlanmagy bilen bagly kazyýet jedelleri dowam edýär. «Red Eagle Law» hukuk firmasynyň wekili Kurtis Morrison lotereýanyň başlanmazlygy sebäpli täze kazyýet işlerini gozgamagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi.
ABŞ-nyň 9-njy federal apellýasiýa kazyýeti 29-njy oktýabrda DV-2027 Green Card lotereýasynyň 1-nji noýabrda başlanmagyny talap edýän öňki kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini wagtlaýyn togtatdy.
Ozal federal kazyýet ABŞ-nyň Döwlet departamentine lotereýa üçin arzalary kabul etmegi 1-nji noýabrdan gijä galman başlamagy tabşyrypdy. Emma Tramp administrasiýasynyň şikaýatyndan soň bu karar wagtlaýyn togtadyldy.
Kurtis Morrison bolsa bu meselede hukuk göreşiniň dowam etjekdigini we lotereýanyň başlanmazlygy bilen bagly täze kazyýet işlerini gozgamagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
Şeýlelikde, DV-2027 lotereýasynyň başlanmagy bilen bagly mesele entek gutarnykly çözülmedi.
31-nji oktýabr ýagdaýyna görä, DV-2027 Green Card lotereýasynyň resmi başlanjak senesi heniz yglan edilmedi.
