JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berlişine görä, telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlady.

Liderler strategiýa taýdan hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler we olary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Söhbetdeşlikde oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, öz gezeginde, Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Bakanlar Kurulu toplantısı: Dünyanın en büyük enerji tesisi açılıyor

vepa

Türkmen-hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürilýär