JEMGYÝET

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda gepleşikler geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasyndaky geçirilen duşuşygyň ähmiýeti bellenilip, döwlet Baştutany köptaraply türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna oňyn baha berdi we mundan beýläkki ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar energetika, ulag we logistika, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasy Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer

Awazada halkara ulag forumy başlady

Ata Watan Eserleri