DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Eýranyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş öz gezeginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran tarapyndan ýolbaşçysydyr.

Telefon söhbetdeşliginde hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi barada pikir alşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunyndaky, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň 30-31-nji maýynda Eýrana amala aşyran saparlarynyň ýokary ähmiýeti bellenilip geçildi.

Şeýlelikde, ministrler ýokary derejedäki saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny mälim etdiler.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşiginiň taslamalary boýunça duşuşyk geçirildi